Alymlar kofäniň haýsy görnüşleriniň has peýdalydygyny kesgitledier. Has takygy, espresso (latte, kapuçino) esasly içgiler alsgeýmer keseliniň öňüni alýar, süzülen kofe bolsa ýürek-damar ulgamy üçin peýdalydyr. Bu barada Budapeştdäki Zemmelweýs uniwersitetiniň alymy Pal Maurowiç-Horwatyň sözlerine salgylanyp, «Daily Mail» ýazýar.
Alymyň aýtmagyna görä, kofäniň organizme oňyn täsiri onuň taýýarlanyş usulyna baglydyr. Iki onýyllygyň dowamynda 500 müň meýletinçiniň iýmitleniş endiklerini öwrenmek arkaly geçirilen ylmy gözlegler süzülen kofäniň ýürege we damarlara peýdalydygyny subut etdi. Günde şeýle içgiden dört bulgur içmek ýürek tutmasyna getirip biljek arterial patologiýa howpuny peseldýär.