«Arkadag Binasynyň» meýdançasynda guralan Baş arça «akylly» şäheriň gözelligine gözellik goşýar.
15-nji dekabrda Täze ýyl baýramynyň iň hormatly myhmanlary — Aýazbabadyr Garpamygy Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Polatly» aýlawynda türkmen halk ertekisiniň gahrymany bolan Akpamyk bilen Japbaklar garşyladylar. Uzak-uzak ýollary söküp, ala garly daglardan aşyp gelen Aýazbaba bilen Garpamyk bu ýerde paýtunlaryna mündüler. «Arkadag Binasynyň» ýanyndaky meýdançada gurnalyp, oýnawaçlaryň we yşyklandyryjylaryň dürli görnüşleri bilen bezelen «akylly» şäheriň Baş arçasy uzaklardan görünýär. Ol şowhunly baýram bolan Täze ýylyň ýetip gelýändigini ýatladyp, uly-kiçiniň kalbyna şatlyk eçilýär. Onuň ýerleşýän ýeri Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin iň özüne çekiji, gözel künjekleriň biridir. Bu ýerde hem ertekileriň gahrymanlary we şadyýan çagalar Aýazbabadyr Garpamygy uly şatlyk bilen garşyladylar. Täze ýyl gahrymany Aýazbaba: «Çür başynda altyn täç, // Hany, arçam ýalkym saç!» diýip, «jadyly sözi» bilen «akylly» şäheriň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakdy. Bu bolsa dabaranyň iň täsirli pursadyna öwrüldi. Çagalaryň Täze ýyl gahrymanlary bilen bilelikde el-ele berip, arçanyň daşyndan aýlanmaklary çärä has-da ýaraşyk berdi.