Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy Täze ýyl baýramçylygyny asuda hem parahat geçirmegiňizi arzuw edip, käbir pugta berjaý edilmeli düzgünleri ýatladyp, öz maslahatlary bilen ýüzlenýär.
Köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän ýerlerinde mugallymlar, synp ýolbaşçylary, terbiýeçiler tarapyndan nobatçylyk çekmek ýola goýlup, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri doly üpjün edilmelidir. Nobatçylygy geçirýän ähli işgärler bilen ýangyn howpsuzlyk çäreleri we ýangyn dörände çagalarydyr adamlary guramaçylykly halas ediş işleri barada gönükdirme geçirip, degişli howpsuzlyk kitabyna bellenmelidir. Köpçülikleýin dabaranyň geçirilmegine jogapkär işgärleri çäre başlanmazyndan öň, ähli otaglary, ätiýaçlyk çykalgalary barlap, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talabalaýykdygyna we ähli otaglaryň ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleri bilen üpjün edilendigine doly göz ýetirmeli. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine jogapkär işgärler Täze ýyl baýramçylygynyň geçirilýän senesi we wagty barada ýerli Ýangyn howpsuzlyk bölümine habar bermeli.