Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralaryň şatlyk-şowhuny çar ýanymyzy gurşap alýar. Bu dabaralar güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, biziň gojaman hem nowjuwan Daşoguz topragymyzda-da giň gerime eýe bolýar. Welaýatymyzyň zähmetsöýer ilaty taryhymyza zer ýazgylary bilen girýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny egsilmez üstünliklere, rowaçlyklara beslemek bilen, Täze — 2025-nji ýyly tutumly, döwletli işleri durmuşa geçirmek ruhunda mynasyp garşylaýarlar. Muňa baýramçylyk dabaralarynyň giňden bellenýän günlerinde welaýatymyzyň uludan-kiçi ähli raýatlarynyň ýüz-gözlerindäki şatlyk hem-de döwre hoşallyk duýgulary aýdyň şaýatlyk edýär. Baýramçylygyň öň ýanynda ak bazarlarymyzda giňden guralýan söwda hyzmatlary hem alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrýar.