«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly belent şygara beslenen şanly ýyl bagtyýar halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Daşoguz şäherindäki ýaşaýyş jaý we desgalar toplumyndan ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýynyň eýesi bolmak bagtynyň maňa-da nesip etmegi ömrüme mazmun, täze röwüş bagyşlady.
Çünki merdana halkymyzda täze jaýly, öýli-ojakly bolmak uly döwletlilik hasaplanýar. Bu döwrebap ýaşaýyş jaýlary täze taryhy döwrüň halkymyza eçilýän bagtyýarlygyny, il-günümiziň abadanlygyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her bir maşgalany döwrebap ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek ugrunda oýlanyşykly döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Täze taryhy döwrüň bu uly bagtyndan serpaýly bolandygymyza, täze jaýda döwletli, agzybir maşgalamyz bilen Täze ýyly garşylajakdygymyza bolan buýsanç göwünlerimizi ganatlandyrýar.