Halkymyzyň asuda ýaşaýşyny üpjün etmekde ýurdumyzyň içeri işler edarasynyň beýleki gulluklary bilen bir hatarda, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň gullukçylarynyň öňünde-de ullakan wezipeler, şonuň ýaly-da, çagalaryň ot oýnamaklary zerarly döreýän ýangyn hadysalarynyň öňüni almak meselesi durýar. Ot bilen oýnamagyň howpludygyna, onuň nähili betbagtçylyga eltmeginiň mümkindigine çagalar heniz doly düşünmeýärler. Şonuň üçin çagalarda ot bilen seresaply bolmak başarnyklaryny terbiýelemek zerurdyr. Olaryň ot bilen oýnamak ýaly garagollukly hereketleriniň öňüni almak, çagalar bilen düşündiriş işlerini alyp barmak ata-eneleriň borjudyr.
Ýangynyň öňüni almak üçin çagalar ýangyn howpsuzlygynyň şu aşakdaky düzgünlerini bilmelidirler hem-de olary berjaý etmelidirler.