Bu gün Arkadag şäheriniň ady Garaşsyz döwletiň döredijilik kuwwatynyň beýany bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik eseri bolup taryha altyn sahypalar bilen ýazylýar. Ak mermere beslenen, belent-belent ymaratlary nur saçýan bu şäheriň keşbinde geljegiň şan-şöhraty şöhlelenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine her bir iş sapary şäheriň täze ösüşine itergi berýän täze tutumlara, döwletli habarlara beslenýär. Ýakynda, 14-nji dekabrda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary hem-de bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi, Fransiýanyň «Buig» kompaniýasynyň ýurdumyzdaky wekili bilen duşuşmagy şähergurluşygynyň ösmeginiň toplumlaýyn häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolandygy baradaky hoş habaryň aýdylmagy agzybir jemgyýetimizde uly joşgun, buýsanç duýgusyny döretdi. Bu gün milli Liderimiziň başlangyjy bilen düýbi tutulyp, hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen açylan we gurluşygynyň ikinji tapgyryna başlanan Arkadag şäheri döwrüň beýik gudraty derejesine eýe bolýar. Hil dolandyryş ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar, durmuşa geçirilýän üstünlikli ösüşler Arkadag şäheriniň «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine eýe bolmagyna mümkinçilik berdi. Hil boýunça halkara giňişliginde abraýly baýragyň berilmegi Arkadag şäherini milli we sebit derejesinde hil taýdan ýokary derejesini ykrar edýär. Ýene-de bir guwandyryjy habar Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanylandygy bilen baglanyşyklydyr.