Bosagada Täze, 2025-njy ýyl. Bütin Ýer ýüzünde bolşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde hem Täze ýyl baýramçylygyny zähmet üstünlikleri bilen garşylamak esasy däp-dessurlarymyzyň birine öwrüldi. Ynha, 17-nji ýanwarda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşleriniň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly, Täze ýyl dabarasy geçirildi.
Giňden tutulan bu Täze ýyl dabarasyna ýurdumyzyň ähli pudaklaryndan öňdebaryjy hünärmenler gatnaşyp, ýetip gelýän Täze, 2025-nji ýyly mübärekläp, agzybir halkymyzy, türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutladylar. Dabaranyň dowamyndaky estrada ýyldyzlarynyň aýdym-sazly çykyşlary gatnaşyjylaryň şatlykdan doly kalplaryny has-da ruhlandyrdy.