Asylly ýörelgelere eýerip

17 Dekabr 2024
166

Beýik ösüşlere eýe bolýan ýurdumyzda türkmen halky maddy we ruhy özgerişlerde täze belentliklere göterilip, bolelin durmuşda ýaşaýar. Çünki halkymyz berkarar Watanyň bagtly geljeginiň ýalkymyndan nurlanyp, täze döwür, gülleýiş zamanasynyň şöhratly üstünliklerinden rowaçlanyp, döwletimiziň bagta gujak açýan ak ýollaryndan şanly geljegine tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Bu günki gün bedew bady bilen halkara derejesindäki ösüşlere beslenýän edermen, zähmetsöýer türkmen halky ýagty ertirine — alyslara, ýüzýyllyklara nazar aýlaýar. Bu bolsa beýik maksatlar bilen halkara jemgyýetçiliginiň öňünde uly mertebä göterilen Türkmenistanyň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmakdan, bagtyýar türkmen halkyny adamzat ösüşiniň täze belentliginde ýaşatmakdan ybaratdygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Çünki beýik özgerişleri, belent maksatly işleri diňe parahatçylygyň, asudalygyň dabaralanýan ýurdunda agzybir, jebis ýaşaýan zähmetsöýer millet amala aşyryp bilýär.

Dünýäniň ösen döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň döwrebap ösdürilmegi ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär. Şeýle hem dünýäniň ençeme abraýly guramalary bilen Türkmenistanyň özara bähbitli ýakyn hyzmatdaşlygynyň täze tapgyrynyň rowaçlanmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Ogulsuraý BERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebiniň mugallymy.