Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Sözlär bolsaň, söz aslyna ýet ýagşy» diýip belleýşi ýaly, her bir zadyň aslyna, düýp-teýkaryna, köküne ýetmeseň, şol zat hakynda belli bir netijä gelip bolmaýar. Halkymyzyň arasynda toý-märekede, üýşmeleňde ýaşulularyň ýaş ýigdekçelere ümläp: «How, inim, ýüzüň tanyş weli, bi, kimlerden bolarsyň sen?» diýäýmeleri bar. Jogaby eşidibem: «Hä-ä, şeýledirem öýtdüm-le, tüweleme, ot ýaly oglan, aslyňa çekipsiň-dä» diýerler. Munuň özi her bagyň miwesiniň özünden daşa düşmeýändigini tekrarlamakdyr. Şu jähetden alnanda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby hem köküni dury gözbaşdan alyp gaýdýar. Bu bolsa hakydalara göwher hakykat bolup dolýar.
Milli Liderimiziň täze kitabynyň birinji babynyň «Taryh şu ýerden başlanýar» diýen bölüm bilen başlamagynyň özünde aýratyn many-mazmun bar. Onuň şeýledigini bu babyň başyndaky: «Adamzat taryhyna mahsus islendik ösüşiň gözbaşy hem, çürbaşy hem ynsanlar bilen bagly. Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler» diýen jümleler aýan edýär. Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda türkmen taryhy barada täzeçil ylmy garaýyşlaryny beýan edýär. «Hakyda göwheri» — milli buýsanjymyzyň, şeýle hem geljege bolan ynamymyzyň mizemez binýady bolup, bizi türkmeniň şöhratly taryhyna syýahata äkidýär. Eýsem, ilkinji ekerançylyk medeniýeti bolan Änew, şäher medeniýetiniň ilkinji ojagy bolan Altyndepe, dünýäni haýrana goýan Marguş siwilizasiýasy taryh gatlarynyň ilkinji binýadynyň şu topraklarda goýlandygyny aňlatmaýarmy näme?!