«Alo, salam, «Güneş» žurnalymy?!»

14 Dekabr 2024
215

Sözbaşy edip goýan jümlämizi eşide-eşide eýýäm bu ýylam ahyrlap barýar. Nesip bolsa, ýene sanlyja günlerden tutuş ynsanyýetiň gatnaşmagynda ýazylýan «Ömür» atly kitabyň täze sahypasy açylar, ýagny Täze ýyl geler. Ynsan, köplenç, ýyl çalşygynda yzyna seredip, ýaşan günleri hakynda uzakdan-uzak gürrüň edesi gelýär. Bizem şol islegden ugur alyp, baýramçylyk sanymyzda agzybir işgärlerimiz bilen ýylyň dowamynda žurnalymyzyň sahypalarynda mynasyp çykyş eden zehinlije ýaş awtorlar, her sanymyza intizarlyk bilen garaşýan söýgüli muşdaklar, girizilen täze rubrikalarymyzyň körpeje okyjylarymyza we olaryň ene-atalaryna täsiri hakynda gysgajyk gürrüň etmegi makul bildik. Birdenem, redaksiýamyza jaň geldi:

— Alo, salam, «Güneş» žurnalymy?!

Taýýarlan Maksat HUDAÝBERDIÝEW,
«Güneş».