Bitaraplyk nurundan ylham alýar, Aşgabat

6 Ýanwar 2021
1795

Mähriban halkymyz Täze, 2021-nji ýyly uly zähmet sowgatlary bilen garşylady. Ata Watanymyz üçin belent üstünliklere, netijeli özgerişlere beslenjek bu ýylyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi hem çuňňur many-mazmuna eýedir. Bilşimiz ýaly, 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň teklibi bilen «2021-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama kabul edildi. Bu taryhy waka Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan, parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgesine esaslanýan syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Geçen 2020-nji ýyl eziz Diýarymyzyň taryhynda ýatdan çykmajak möhüm ähmiýetli wakalara baý boldy. Geçen ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy giňden bellenilip geçildi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, ak şäherimiz Aşgabatda möhüm ähmiýetli desgalardyr ýaşaýyş toplumlarynyň açylyş dabaralary boldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy giň gerim bilen ýokary derejede toýlanar. Bu şanly sene mynasybetli gözel paýtagtymyzyň kämil keşbiniň aýrylmaz bölegine öwrüljek nurana öwüşginli binalaryň ýene-de ençemesi gurlup ulanylmaga berler. Eziz Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, belent maksatlaryň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň abadan ýaşaýşy ugrunda edýän taýsyz tagallalary, belent maksatlary dur.

Isgender AŞYROW,
Türkmen döwlet energetika institutynyň mugallymy.