Ýürekleriň buýsanjy Watan!

11 Dekabr 2024
150

Asylly ýörelgeleriň mynasyp dowamy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ata-babalarymyzdan miras galan asylly ýörelgeler üstünlikli rowaçlanýar. Indi üç ýyldan gowrak wagtdan bäri ýurdumyzda hem-de dünýäde giňden tanalýan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ynsanperwerlige ýugrulan birnäçe sahawatly işleri durmuşa geçirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 7-nji dekabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde gazna tarapyndan şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar diňlenildi. Mejlisiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir. Olaryň arkasynda dag ýaly döwletimiz durandyr. Çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli tagalla edilýär» diýip bellemegi tutuş halkymyzyň kalbynda ata Watanymyza, il-günümize bolan beýik buýsanjy goşalandyrdy.