Demir ýollardaky Gün panelleri
«Sun-Ways» şweýsar kompaniýasy ýurduň demir ýollaryndaky peýdalanylmaýan zolaklarda Gün panellerini ornaşdyrmak taslamasyny durmuşa geçirýär. Bäş müň üç ýüz on ýedi kilometr demir ýola gurnaljak bu ulgam bir ýylda bir terawatt-sagat energiýa öndürmäge kuwwatly bolup, bu görkeziji tutuş ýurtda sarp edilýän energiýanyň iki göterimine barabardyr. Kompaniýanyň öndürýän Gün panelleri adaty panellerden has berk bolup, ýagtylygy serpikdirmegiň öňüni alýan ulgamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Onda panelleri gardyr buzdan, tozan-çaňdan arassalaýan tehnologiýalar göz öňünde tutulypdyr. Häzirki wagtda taslamanyň synag tapgyry dowam edýär.