Ýürekden bir sözüm bar

11 Dekabr 2024
127

MÖHÜM WEZIPELER KESGITLENILDI

Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň baýramy giňden bellenilip geçildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bellenilen Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşi hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyz Watanymyzyň geçen şöhratly ýoluny, mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary barada giňişleýin durup geçdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bolsa, öz çykyşynda ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine seljerme berdi. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek, özgertmek bilen bagly möhüm resminamalara gol çekdi.