Gadymy halkymyzyň baý edebi mirasy bolup, ajap eýýamymyzda ony öwrenmekde we dünýä ýaýmakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen tutumly işlere badalga berilýär.
Dogrusy, üstümizdäki — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň beýik şahyrymyzyň edebi mirasynyň dünýä dolan belent sarpasynyň dabaraly çäreleri bilen Garaşsyz döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygy guwandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilip geçilýär. Ak şäherimiz Aşgabatda şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumy şanly ýylyň taryhy wakasy boldy.