Ha­ky­da göw­he­ri – dö­re­di­ji­lik yl­ha­my

11 Dekabr 2024
101

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly tä­ze ki­ta­by­ny hal­ky­my­za sow­gat et­me­gi şat­lyk­ly we buý­sanç­ly wa­ka­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di we he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 29 ýyl­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da il­deş­le­ri­miz üçin aja­ýyp sow­gat bol­dy.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly tä­ze ki­ta­byn­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň şan-şöh­rat­ly geç­mi­şi­niň, baý me­de­ni mi­ra­sy­nyň we döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň, ta­ryh­da yz go­ýan şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň nus­ga­lyk ýo­lu­nyň, türk­men hal­ky­nyň dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­na go­şan go­şan­dy­nyň giň­den be­ýan edil­me­gi äh­li­miz­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ki­ta­byn­da türk­men hal­ky­nyň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak mi­ra­sy ha­sap­lan­ýan ta­ry­hy­-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler ba­ra­da­ky pi­kir­le­ri­ni hal­ky­myz bi­len paý­laş­ma­gy bol­sa her bi­ri­mi­zi be­gen­dir­ýär hem-de buý­san­dyr­ýar.