Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň täze taryhy şöhratly işlere, belent derejelere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar halkymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ajaýyp wakalara, ösüş-özgertmelere şaýat bolýar, her bir toý-baýramy agzybirlikde giňden belläp geçýär. Eziz Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramy uludan dabaralandyrylar.
Bitaraplyk baýramy – naýbaşy seneleriň biri. Ählimize mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy yglan edildi.