Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilmegi, bagtyýar halkymyzyň toý şatlygyny has-da artdyrdy.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Beýik Seljuklar döwri», «Horezmşalar döwleti», «Zehin aýdyňlygy, paýhas käni», «Oguznama — dünýä baýlygy», «Täsin söhbediň beýany», «Hazyna eýesine hazynadar diýerler», «Döwletliniň döwlet gözbaşy», «Gadymy heňňamyň aýdymy» atly bölümlere bölünmegi, olarda öňe sürülýän parasatly pikirleriň yzygiderlilikde beýan edilmegi, kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýar.