Sahawata beslenen döwletli ýörelgeler

10 Dekabr 2024
137

Türkmen halky sahawatlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine uly baha berip, bu ýörelgeleri nesilden-nesle geçirip gelen halk. Bu gün döwletimiziň ynsanperwer syýasaty netijesinde guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Şeýle döwletli, sahawatly işleriň biri-de Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi barha giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde, şol sanda ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde uly tagallalary edýär.

Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly asylly ýörelgeler esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändigini görkezýär. Gaznanyň döredilen wagtyndan bäri alyp barýan işleriniň gerimi ýyl-ýyldan giňeýär, bu barada degişli mejlislerde giňişleýin habar berilýär. 7-nji dekabrda Arkadag şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisinde geçen döwürde alnyp barlan işlere, gaznanyň kanunçylyk hukuk namalaryna girizilen üýtgetmelere garaldy. Bu sahawatly işleriň binýadynda ilkinji nobatda, ösüp gelýän nesliň sagdynlygynyň, bagtyýar durmuşy baradaky aladanyň durýandygy guwandyryjydyr. Mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýüz tutmalar esasynda näsag çagalara jemi 500-den gowrak, diňe şu ýylyň özünde bolsa 261 sany operasiýalaryň geçirilendigi, köpsanly çagalarda saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglarynyň amala aşyrylandygy we çagalar saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilendigi barada bellenilmegi sahawatly işleriň giň geriminden habar berýär.

Merjen JARÇYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.