Täze kitap bilen tanyşdyryldy

10 Dekabr 2024
149

Düýn Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara welaýat häkimligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi tarapyndan guraldy.

Häkimligiň, edara-kärhanalarynyň işgärleriniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň hem-de bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda bolan dabarada, ilki bilen, welaýat häkimi Soltanmyrat Soltanmyradow çykyş edip, ol ýere ýygnananlary türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagy, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlady. Häkim çykyşynyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň şöhratly taryhymyz, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsirleri, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy dogrusynda söhbet açýan täze kitabynyň baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly toýy mynasybetli halkymyza gymmatly sowgat bolandygy barada aýdyp, Milli Liderimiziň ajaýyp kitaplarynyň sanynyň köp bolmagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdi.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: dabaradan pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.