Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli düýn paýtagtymyzda ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, daşary ýurtly hünärmenlere döwlet sylaglaryny we nyşanlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Halkara Bitaraplyk güni şanly seneleriň biridir. Bu şanly senä halkymyz sabyrsyzlyk bilen garaşyp, baýramçylygy şatlyk-şowhun, uly zähmet üstünlikleri bilen garşy alýar. Dürli ulgamlarda zähmet çekýän hünärmenleriň birnäçesi hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen gelip, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldular. Gazetimiziň şu sanynda bagtdan paýly ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
Allaberdi PAŞŞYKOW,
Tejen etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy: