Milli ykdysadyýet: durnukly ösüş üpjün edilýär

9 Dekabr 2024
117

Häzirki wagtda ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üpjün edilýär. Muňa 6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi aýdyň şaýatlyk edýär. Onda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz degişli döwürde ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň ata Watanymyzyň uly üstünliklere eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi we ýylyň tamamlanmagyna az wagtyň galandygyny aýdyp, bu ýyly gowy netijeler bilen jemläp, täze — 2025-nji ýyly mynasyp garşylamak üçin degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de şu ýylyň 2-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi aýdyldy. Munuň özi Watanymyzyň ählumumy derejede parahatçylygy goramak ugrunda edýän tagallalarynyň giň goldaw tapýandygynyň nobatdaky nyşanydyr.

ÝURDUMYZYŇ KANUNÇYLYK BINÝADY BERKIDILÝÄR

«Nesil».