7-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Oňa müdiriýetiň agzalary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa gatnaşdylar.
Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň Garaşsyz döwletimiziň hem-de mähriban halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly wakalara beslenendigini belläp, bu üstünlikleriň, syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli wakalaryň halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrýandygyny, Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy has-da artdyrýandygyny nygtady. Milli Liderimiz taryhy wakalara beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň birnäçe mejlisleriniň üstünlikli geçirilendigini hem-de gazna tarapyndan birnäçe dostlukly döwletlere ynsanperwerlik kömekleriniň iberilendigini aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlise gatnaşyjylary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň üstünlikli jemlenmegi, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň ýetip gelýän 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de indiki ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň halkara derejede giňden bellenilip geçiljekdigine ünsi çekdi hem-de parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetlilik däplerimizi dabaralandyrjak 2025-nji ýylyň döwletimize üstünlik, halkymyza bagtyýarlyk, dünýä halklaryna dost-doganlyk, Ýer ýüzüne parahatçylyk getirmegini arzuw etdi.