Saglygyňyzy goraň, sagdyn boluň!

5 Ýanwar 2021
1706

Häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýran ýiti ýokanç keseliň ýurdumyza aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglanyşykly, edara-kärhanalarda, guramalarda sanitariýa talaplarynyň ýerine ýetirilmegine we degişli zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Howanyň düzümindäki ynsan saglygyna ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtükleriniň ulanylmagynyň ähmiýetiniň uly bolşy ýaly, 2 metr howpsuz araçägi saklamak we arassaçylygy berk berjaý etmek hem wajypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ömrüň dowamlylygyny artdyrmak, kadaly iýmitlenmek, sporty wagyz etmek babatda edýän taýsyz tagallalaryndan ugur alnyp, Sarahs etrabynda wagyz-nesihat işlerine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri hem etrap hassahanasynyň maşgala lukmanlary bilen bilelikde etrabyň ýaşaýjylarynyň öýlerine aýlanyp, olaryň arasynda düşündiriş işlerini alyp barýarlar. Şeýle işleriň barşynda gyşyň dowam edýän häzirki günlerinde howa şertlerine laýyk geýinmegi, milli tagamymyz bolan burçly unaşy, şeýle-de witaminlere baý bolan gök-miwe önümlerini köpräk kabul etmegi, öýlerde üzärlik tütetmegi maslahat berýärler. Mundan başga-da, köpçülik ýerlere, ýola çykylanda agyz-burun örtüklerini dogry dakmagyň, sport bilen meşgullanmagyň ähmiýetini düşündirýärler.

Gülbahar DURDYÝEWA,
Sarahs etrap hassahanasynyň maşgala lukmanlar bölüminiň müdiri.