Köňüller buýsanja beslenýär

5 Ýanwar 2021
2059

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyza uly ruhubelentlik bilen gadam basdyk. Bu ajaýyp ýylymyzda hem halkymyzyň durmuşynda şanly wakalar, ösüşli ýollar bolar. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň abadan durmuşy, tutuş dünýäniň parahatçylygy barada beýik işleri durmuşa geçirýär. Şunda parahatçylygyň we abadan durmuşyň uly orun eýeleýändigini aýratyn bellemegimiz gerek. Ynha, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hem parahatçylygyň esasy ugurlaryň biri boljakdygyna tüýs ýüregimizden ynanýarys.

Eziz Diýarymyzyň bagtyýarlygyň, asudalygyň, parahatçylygyň mekanyna öwrülendigini buýsanç bilen bellemegimiz gerek. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Biz muny Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmeginde hem görýäris. Mälim bolşy ýaly, şeýle beýik başlangyçlary bilen Türkmenistan ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň mekany hökmünde giňden tanalýar. Şonuň üçin hem şu ýylymyzyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň hem çuňňur many-mazmuny bar.

Orazjemal GURBANNYÝAZOWA,
Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň mugallymy.