Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde saglyk sarpasy

7 Dekabr 2024
173

Ähli döwürleriň şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň paýhasa ýugrulan dürler hazynasy türkmen halky üçin bahasyna ýetip bolmajak çuňňur many-mazmunly mirasdyr. Şahyryň edebi mirasy pelsepewi baýlykdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem dana şahyryň döredijiliginiň halkara derejesinde ebedileşdirilmegi, eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi onuň parasatly pikirleriniň we ynsanperwer garaýyşlarynyň bütin dünýä ýalkym saçýandygyny äşgär edýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip belleýär. Dana şahyryň döredijilik örüsi örän giň, köptaraply we çuňňur many-mazmunlydyr.

Dünýä paýhasyna ägirt uly goşandyny goşan Magtymguly Pyragynyň nusgawy döredijiliginde hem ynsan saglygy, sagdyn durmuş ýörelgeleri aýratyn ähmiýete eýedir. Beýik şahyryň şygyrlarynda ynsanyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy saglyk, ýaşaýşyň diregi bolan sagdynlyk, saglygy gorap saklamak, oňa sarpa goýmak ýaly pikirler eriş-argaç bolup geçýär.

Bahar BEKMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň diller kafedrasynyň müdiri.