Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy
Ýurdumyz suw meselelerinde dünýä jemgyýetçiligi, ilkinji nobatda, BMG bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistanyň bu babatda öňe sürýän başlangyçlary anyk häsiýete eýe bolup, sebit ösüşiniň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň maksatlaryna laýyk gelýär. Şu jähetden, 3-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy.