Duýguly dünýä

6 Dekabr 2024
323

KÜÝSEG

Men şeýle bir küýsäp ene mährini
Hem şeýle bir küýsäp ata pähmini,
Ýetimsiredim hem ýekesiredim.
Dünýäň baýlyklarnyň jemläp ählisin
Hem goşup üstüne Zemzem çeşmesin,
Eçilseler bal kölüni uçmahyň,
Üstüne süýt deňzi bolsa peşgeşim,
Ýetmiş müň melegi birden guçmagy
Ygtyýar etseler,
ýene goşmaça
Jowahyrdan daglar bolsa erkimde,
Galyberse, ýene mundan başga-da,
«Al!» diýilse islän zadyň şertsiz, hem
«Bol!» diýenim boljak bolsa, höküm etsem,
Bagyşlansa Tuby bagyn saýalap
Ýatmaklyk hem seýil etmek möhletsiz,
Günden täç geýdirlip,
Aýam aýama
Alyp gezmekligem edilse idin,
Süleýmanyň güýji hyzmat etse-de,
Eýlensemem keramata Senem deý,
Ýusubyň görkünden ýüz-müň esse edip
Zynat berilse-de,
bulaň ählisi
Boljak bolaýsa-da nete düwdügim,
Saýlardym,
küýseýän, kaka pähmini!
Saýlardym,
küýseýän, eje hüwdüsin!..

Orazmyrat MYRADOW,
«Nesil».