Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

5 Dekabr 2024
141

Güljahan ALLABERDIÝEWA, 
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň uly döwlet bellige alyjysy:

— Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarydyr teklipleri halkara giňişliginde uly goldawa eýe bolýar. Biz muňa Milli Liderimiziň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisindäki çykyşynda nobatdaky gezek göz ýetirdik. Gahryman Arkadagymyz  çuň manyly çykyşynda Aksakgallar geňeşiniň çägindäki işlere giňişleýin seljerme berdi we möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Milli Liderimiziň hödürlän teklipleri barada Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym: «Biz Gahryman Arkadagyň Aksakgallar geňeşiniň işini ilerletmekdäki tagallalaryna ýokary baha berýäris» diýip belledi. Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew hem Milli Liderimiziň Astanada geçirilen sammitde gurama gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça «Ýol kartasyny» taýýarlamagyň maksadalaýyk boljakdygy barada aýdan teklibiniň örän derwaýysdygyny nygtady. Eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň artmagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.