Keselden goranmagyň düzgünleri

5 Ýanwar 2021
1973

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda howadaky tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy adamyň saglygy, aýratyn-da, dem alyş ulgamy üçin oňaýsyzdyr. Howanyň düzüminiň üýtgemegi bilen baglanyşykly tebigy ekzogen täsiri peseltmek, onuň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen, dem alyş ýollary üçin niýetlenen şahsy goranyş serişdeleri, ýagny agyz-burun örtükleri hökman dakynylmalydyr.

Şeýle-de hünärmenleriň belleýşi ýaly, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek ýokanç keselleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda öý bikeleri öýüň arassaçylygyna esewan edip, ýygy-ýygydan çygly arassalaýyş işlerini geçirip durmaly, zyýansyzlandyryjy serişdelerden ýerlikli peýdalanmaly. Penjireleri açyp, otagyň içini ýelejiretmeli, ýorgan-düşekleri arassa saklamaly. Nahar taýýarlamazdan, ony saçaga äbermezden öň, daşaryk çykyp gelenden soň, elmydama elleri sabynlap ýuwmagy endik etmeli, üst-başyňy, egin-eşigiňi arassa saklamaly we möwsüme görä geýinmeli. Elleşip salamlaşmakdan, gujaklaşyp görüşmekden saklanmaly. Üsgüreniňizde, asgyranyňyzda agzyňyzy we burnuňyzy elýaglyk bilen ýapmaly. Zerurlyk ýüze çykmasa, adamlaryň köp üýşýän ýerlerine barmakdan saklanmaly. Köpçülik ýerlerinde 1,5-2 metr howpsuz aralygy saklamaly.

Güljan BEKIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň redaktory.