Biz muňa her ädimde şaýat bolýarys
Islendik halkyň ykbaly şol ýurduň döwlet Baştutanynyň öňe sürýän taglymatlary we başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşykly. Çünki ol taglymatlar ýurduň içeri hem daşary syýasatynyň özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ata-babalarymyzyň nesilme-nesil geçirip gelýän hoşniýetlilik, dostluk ýaly ýörelgeleri ýurdumyzyň daşary döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Bu gün ol röwşen başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolýar we Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite resminamalary arkaly berkidilýär. Çünki halklaryň arasynda parahatçylygy ýaýmak, özara düşünişmek hem ynanyşmak medeniýetini ösdürmek dünýäniň gün tertibinde duran esasy meseleleri çözmegiň ygtybarly gurallary bolup durýar. Şonuň üçin döwletimiziň parahatçylyk dörediji syýasaty onuň dünýädäki abraýynyň barha pugtalanmagyna getirýär. Şular dogrusynda söhbet açylanda, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda gazanan Bitaraplygymyzyň nä derejede uly ähmiýete eýedigi hakynda oýlanýarsyň. Baky Bitarap hukuk ýagdaýyna eýe bolup, ony iki gezek ykrar etdiren ýurdumyzyň abraýynyň dünýä dolmagynda oňyn Bitaraplygyň örän uly ornunyň bardygyna göz ýetirýärsiň. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy şanly wakalaryň birine öwrülip, ýokary derejede bellenip geçiler. Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaralar göz öňünde tutulýar. 2025-nji ýylyň BMG tarapyndan ýörite Kararnama bilen berkidilip, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa onuň ähmiýetini ýaýmakda birnäçe wezipeleri öz içine alýar.