2024-nji ýylyň — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, şahyryň ömrüne, döredijiligine dahylly ylmy we edebi eserleriň has köp ýazylmagyna iterdi. Metbugatda we habar beriş serişdelerinde akyldar şahyryň manyly, çuňňur mazmunly hem-de hikmete baý, syrly setirleri dogrusynda söz açýan ylmy makalalar, ýörite kitaplar, gollanmalar yzygiderli çap edilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp, dürli halkara ylmy maslahatlaryň geçirilmegi ýola goýuldy. Şahyryň goşgulary dünýä dillerine terjime edilýär. Daşary ýurtlarda şahyryň terjime edilen kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralary yzygiderli geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly turuwbaşdan döredijiligiň, joşgunly ylhamyň ruhuny bagyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmak bilen şahyryň umumadamzat bähbitli paýhaslaryny durmuş ýüzünde hasyl edýär. Şahyryň arzuwlaryny hakykata öwürýär. Şol paýhaslar, öwüt-nesihatlar arkaly halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkidýär. Çünki Magtymguly şahyr şeýle hormata mynasyp ussat. Ol öz eserlerine tutuş dünýäni we durmuşy siňdirip bilen, sygdyryp bilen akyldardyr. Jemgyýetiň kämilligi üçin gerek bolan edep kadalaryna, gylyk-häsiýetlerine Pyragy ýaly çeper teswirläp bilen başga bir şahyr ýokdur. Hünärlilik, zähmetsöýerlik, janypkeşlik ýaly duýgular, zähmete höweslendirýän pikirler ol setirleriň bezegi. Bu setirleriň durmuşa ýakynlygy, aslynda, durmuşyň hut özünden süzülip alnanlygy üçin ömür menzillerindäki şol tejribeleri öz durmuşymyzda peýdalanyp bilýäris. Şahyryň berýän öwüt-ündewleri bilen özümizi we ýaş nesilleri terbiýeläp bilýäris. Gahryman Arkadagymyz hem, hormatly Prezidentimiz hem ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň halka, Watana bolan söýgüsini has kämilleşdirmek üçin milli mirasymyzda bar bolan gymmatlyklary netijeli peýdalanmalydygyny aýdýarlar.
«Hakykat birdir, emma oňa barýan ýollar dürli-dürlüdir» diýilýär. Magtymgulynyň hakykatyna göz ýetirmek üçinem şol düşünjä görä hereket etmegimiz akyla muwapyk, mantyga laýyk. Beýik Biribar halklary, milletleri görnükli şahsyýetler bilen ýalkarmyş. Taryhy rowaýatlara görä, her ýylda üýtgeşik zehinli bir ynsany, her on ýylda şondan on esse artykmaç bir ynsany, her ýüz ýylda şondan ýüz esse artykmaç birini, her müň ýylda şondanam müň esse artykmaç birini dünýä indirermiş. Megerem, Magtymguly türkmen halkynyň geçen ýa-da şu wagtky müňýyllygynyň döwletli nesibesidir. Ol ägirt är diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, ähli adamzadyň bagtly paýydyr.