Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti Katerina Sakellaropuludan hat geldi. Onda: “Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, hanym Ýekaterini Ksagorarini Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň ukyp-başarnyklary we yhlasy özüne ynanylan jogapkärli wezipäni Siziň makullamagyňyza, şeýle hem meniň ynamymy ödemäge mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hanym Ýekaterini Ksagorariniň meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin” diýlip bellenilýär.
3-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Ýekaterini Ksagorariden ynanç hatyny kabul etdi.