Şu ýylyň oktýabr aýynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen maslahatda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy, owalynda bedew ata behişdi jandar hökmünde garaýan halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Mätäjiniň:
Kylsa Mätäji güman, behişdi haýwan başy sen,
Bolsa şolar jenneti, sen hem imanly bedew —