Gün dogup gelýärdi. Onuň tyllaýy çyrazlary ýylçyr gaýalara düşüp lowurdaşýardylar. Daragtlaryň ýapraklary Günüň nuruna has-da terlenip, öwşün atýardylar. Ýapraklara, parç bolup boý alan otlara siňňin seretseň, olar ýap-ýaňyja ýaşyl boýaga batyrylyp çykarylypdyr diýdirýärdi.
Giň jülgeden atyny maýdalyna sürüp barýan Ärsak patyşa hem bu hözirlerden binesip däldi. Ol daş-töweregindäki gözelliklere bakmakdan doýmaýardy.