Ketjallar (nowella)

4 Dekabr 2024
194

Eger biz söhbedimizi bir daragta meňzetsek, onda onuň topraga uran kökleri birneme öňräkki döwürde galdy. Oba hojalyk ugrundan ýokary okuw mekdebinde okaýan Seýitguly Aşgabadyň günbatar-demirgazyk bölegindäki howlularda kireýine ýaşaýardy. Onuň ýanynda bolýan obadaş oglanlary Öwezdir Meret bolsa beýleki ýokary okuw mekdebinde okaýardylar. Olar irden okuwa diýip çykyp gidensoňlar giçlik dolanyp gelerdiler. Ýöne Seýitguly welin, sapaklary gutaran dessine ýaşaýan ýerine gelerdi. Garbak-gurbak edinerdi-de, eline kitabyny alyp, bolýan jaýlarynyň daş işiginde goýlan oturgyja özüni goýbererdi.

Kitaba her näçe ünsüni berýän-de bolsa, onuň ýüzüniň Muhy aganyň öýüne bakyp durýandygy üçin bolmagy mümkin, öýden girip-çykýanlara gözi düşerdi. Muhy aga ölemen küştçi bolansoň, özi ýalylary çagyrardy-da, üzüm dalbarynyň aşagynda goýlan agaç sekiniň üstünde, ýumşak körpeçäniň üstünde ýanbaşyny ýere berip, küşt tagtasyna bir egildigi galmazy bolmazdy. Käte-käte käsesine çaý guýunsa-da, ondan owurtlamagy ýadyndan çykarardy. Birmahaldan soň käsesinden bir owurtlardy-da, sowap giden çaýyň galanyny gapdala serpip goýbererdi, soňundanam: «Çaýy täzeläň!» diýip, hiç biriniň adyny tutman, gygyrybrak aýdardy. Şonda içerden iki örülen saçlary öňüne atylan bir gyz Muhy aganyň öňündäki çäýnegi alyp giderdi. Seýitguly onuň Muhy aganyň gyzy Bahardygyny bilýärdi. Birazdan soň hem ýene iki örülen saçlary öňüne atylan bir gyz demli çäýnegi Muhy aganyň gapdalynda goýup giderdi. Seýitguly onuň Muhy aganyň uly gyzy Maraldygyny bilýärdi. Maral känbir içeri-daşary çykmaýardy. Çykdygy hem Seýitgulynyň nazaryndan sypmaýardy. Ünsi kitapda bolsa-da, daşary çykanyň Bahar däl-de, Maraldygyny aňlardy hem-de dessine başyny galdyryp, ony nazary bilen ugradardy. Ine, şol hem Seýitgulynyň şu dünýäde iň gowy görýän pursadydy. Ol hem kitap okardy, hem şol pursady peýlärdi.

Akmuhammet HEMIDOW