Aždar

4 Dekabr 2024
160

Döwli aga Ýolbars bilen Akguşy süriniň ýanynda alyp gidip, Akbilegi bolsa goşda galdyr­mak kararyna geldi. Çünki ol şu gün-erte güjüklemelidi. Ýene-de garawsyz galýan goşa goragam gerekdi. Bu ýerde mallaryň suwa ýakylýan süýji suwly guýusydyr suwly nowalar, ätiýaçlyk bede küdeleri, çöp-çalamdan edilen çalmardyr agyl hem-de birnäçe arabalyk gury odunlar eýesiz galýardy. Baharda ygalyň kemräk bolanlygy sebäpli, «Gökýaýlada» ýeriň ýüzüne çykan gyrtyç­lardyr gök otlar bireýýäm gurap, samana dönüp, onuň adyndan başga gökläre zat galmandy. Şonuň üçin sürini otlurak ýere, «Garaşora» ýa-da «Sazakla» tarap sürüp görmelidi. «Düýelidir» «Böri daranda-da» ýagdaý şu ýerdäkiden öwerlik däldi. Şonuň üçin Döwli çopan ilki bilen sürini «Garaşora» tarap alyp gitmegi göwnemakul gördi. Kim bilýär, näçe günde yza dolanyljagyny. Hemişe şeýle bolanda bir hepde, hatda ondan-da gowrak günläp, goşdan uzaklara gidilerdi. Şuny göz öňünde tutan ätiýaçly çopan çolugyna iki hepdelik azygy eşeginiň yzyna bökdermegi tabşyrdy. Döwli çopanyň özem şeýtdi.

Garagumda goýun bakýan çopanlaryň bir gowy edähedi bar. Olar süri bir günlük goşdan daşa sürülse-de, bir hepdäniň azyk-suwlugyny ýany bilen göterýärler. Çünki ymgyr sährada ýoldan azaşan ýa-da heläkçilige uçrap, aç-suwsuz galan kimdir biriniňem gabat geläýmegi mümkindi. Şeýle ýagdaýa duçar bolnanda çopanlar özlerini unudyp, ilki bilen mätäje kömege howlugýarlar.

Dädebaý NARTYÝEW