Edebi älemleriň gözleginde

4 Dekabr 2024
168

Döredijilikde gabat gelýän ýagdaýlar bolýar. Bu Amannepes Şyhnepesow babatda-da şeýle boldy. Edebiýatçy alym Kakajan Ataýew barada birinji gezek makala ýazanymda onuň seýregem bolsa döreden rubagylaryndan «Çuňluga gitse kökler» diýen setirini sözbaşa çykarypdym. Ara ýyllar salyp, ikinji gezek söhbetdeşlikden soň ýazan makalamy bolsa «Oguz dünýäsiniň gözlegçisi» diýip atlandyrypdym. Edebiýatçy alym Amannepes Şyhnepesow hakda makala ýazmak üçin ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň gaznasynda saklanýan gazet-žurnallaryň nusgalaryny agtaranymda, onuň okuwçy döwri ýazan şygyrlaryna duş geldim. Şonda makalama «Olaň beren sowgadyn berip bilmez başgalar» diýen şahyrana setirini sözbaşy edip almagy göwne makul bilipdim. Bu günki gün, ýurdumyzda we halkara derejesinde uly wakalaryň biri hasaplanylýan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda akyldar şahyryň ömri we döredijiligini öwrenmekde düýpli işleri alyp barýan alymlaryň biri hökmünde, Amannepes mugallym bilen söhbetdeş boldum. Şu makalanyňam ady onuň bu günki günde alyp barýan işleri bilen baglanyşdyrmagy dogry hasapladym. Döredijilikdäki bu baglanyşygyň iň esasy sepi Kakajan Ataýew Amannepes Şyhnepesowyň ylmy ýolbaşçysy bolan. Bu ýerde diňe bir makalalaryň tematikasynyň baglanyşygyny däl, halypa-şägirtlik milli ýörelgäniň kämil dowamatyny hem görmek bolýar.

Biz «oguz dünýäsi» diýip Kakajan mugallymyň alyp baran ylmy gözleglerini göz öňünde tutan bolsak, «edebi älemler» düşünjesi diýenimizde-de Amannepes mugallymyň öz ylmy pikirlerini göz öňünde tutduk. Bu edebiýatçy alym Magtymgulynyň, Azadynyň, Andalybyň hem-de beýleki nusgawy şahyrlaryň pikir we çeperçilik bitewüligini älem hökmünde göz öňüne getirýär. Ol diňe bir ХVIII asyr türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, ondan soňky döwürleriň, häzirki zaman türkmen edebiýatynyň wekilleriniň, Gahryman Arkadagymyzyň çeper döredijiliginiň özboluşlylygyny hem-de özara baglanyşygyny öwrenýär. Bular babatda ýazan ylmy hem edebi makalalary milli metbugatymyzyň sahypalarynda yzygiderli çap edilýär. Şeýle bolansoň, edebi älemler aňlatmasy onuň edebi, ylmy gözlegleriniň çäginde öňe saýlanýar.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
«Garagum».