Aram-aram oturyp-oturyp oýlanýaryn: biz özümizden uly halypalarça barmykak? Böwrüňi bükgüldedýärsiň. Göwnüňe bolmasa, şolarça ýok ýaly. Ýöne arasynda ikirjiňlenýärsiň. Şonda öz sowalyňa özüň jogap tapman, alasarmyk ýagdaýda galýarsyň.
Halypalaryň halypa kemi ýokdy. Olar ýazýan zatlarymyzy çintgäp-çintgäp okaýardylar, kemçiliklerimizi ýüz görüp, gapyrga syrman aýdýardylar, asgyn çekýän ýerlerimizi düşündirýärdiler. Käteler öteräk igenýärdilerem, sülä gelýän eserlerimizi ýaltanman taraşlaýardylar. Biz muny bolmaly zat hökmünde kabul edýärdik. Gowy tarapy, halypalar biz bilen deň-duş ýaly gatnaşýardylar, oturyp-turuşýardylar, begençlerini-gynançlaryny paýlaşýardylar. Gedemlik, ulumsylyk olar üçin ýatdy.