Söz ussadyny ýatlap...

4 Dekabr 2024
165

Türkmen topragy ençeme batyr gerçekleri, akyldarlary, alymlary, şahyrlary, bagşylary, senetçi ussalary dünýä beren toprakdyr. Nusgawy edebiýatymyzyň wekilleri Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Seýitnazar Seýdiniň, Mämmetweli Keminäniň, Gurbandurdy Zeliliniň, Mollanepesiň döreden dürdäneleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda baky orun aldy. XX asyr türkmen edebiýaty Berdi Kerbabaýew, Garaja Burunow, Ata Gowşudow, Beki Seýtäkow, Hydyr Derýaýew, Ata Atajanow, Gara Seýitliýew, Mämmet Seýidow, Berdinazar Hudaýnazarow, Kerim Gurbannepesow, Atajan Tagan, Gurbannazar Ezizow, Italmaz Nuryýew, Halyl Kulyýew, Annaberdi Agabaýew, Kakabaý Ylýasow, Gowşut Şamyýew, Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow ýaly ençeme zehinli ýazyjy-şahyrlaryň eserleri bilen baýlaşyp, täze öwüşgine eýe boldy. Özboluşlylygy, akgynlylygy, çeperligi bilen tapawutlanan ýüzlerçe eserler türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyny baýlaşdyryp, okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldular. Çeper many-mazmuny bilen okyjylaryň ýüreginde hemişelik orun alan eserleri döreden Türkmenistanyň halk ýazyjysy Şamyrat Taganow hem türkmen edebiýatyny baýlaşdyran görnükli ýazyjylaryň biridir. Bir kişi hakynda söhbet ediljek bolsa, ilki bilen onuň terjimehaly bilen gyzyklanylýar. Çünki ýazyjydyr şahyryň terjimehaly onuň döredijiliginiň gönezligidir. Sebäbi doglan obasy, önüp ösen mekany, oglanlykda gezen ýerleri soňra ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde öz beýanyny tapýar.

Şamyrat Taganow 1922-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Öküzýap obasynda eneden dogulýar. Onuň kakasyna Tagan, ejesine Ogulsapar diýilýär. Maşgalada bäş çaga bolup, Şamyrat olaryň iň ululary bolupdyr. Ol ilkinji bilimi öz obasyndaky doly däl orta mekdepde alypdyr, soňra ol obada dürli kärde işleýär. 1950-nji ýylda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda şol wagtky daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylaryny taýýarlaýan kursda okaýar. 1959-njy ýylda Daşoguzyň oba hojalyk tehnikumyny üstünlikli gutarandan soňra oba hojalyk ulgamynda dürli wezipelerde zähmet çekýär. 1965—1970-nji ýyllarda şol wagtky Akdepe etrabynyň «Watan» gazetinde bölüm müdiri bolup işlän ýyllarynda döredijilik bilen has içgin meşgullanýar. 1971-nji ýyldan başlap bolsa Daşoguz welaýatynyň «Kommunizm ýoly» (häzirki «Daşoguz habarlary») gazetinde habarçy bolup işläp başlaýar. Ýazyjy şol ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetinde gaýybana okaýar.

Oguljennet NAZAROWA,
Akdepe etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy.