Guramaçylykly ideg edilýär

4 Dekabr 2024
162

“Daýhandan hereket — ýerden bereket” diýlişi ýaly, ýeriň hyzmatyny ýetirip, islendik ekine göwnejaý ideg etseň, ol berekedini bolluk bilen eçilýär. Kesewiňi dürtseň gögerýän sahawatly topragymyzda bugdaýyň, gowaçanyň, gant şugundyrynyň, gök we bakja ekinleriniň bereketli hasyly ýetişdirilýär. Kärendeçi daýhanlar yhlasly zähmeti bilen bereketli saçaklarymyzyň naz-nygmatdan doly bolmagyna mynasyp goşant goşýarlar.

Çörek berekediň gözbaşy hasaplanylýar. Öz topragymyzdan önýän bugdaýdan bişirilen mele-myssyk çörekleriň saçaklarymyzy bezemegi gallaçy daýhanlaryň ene ýere söýgüsiniň alamatydyr. Welaýatymyzyň gallaçy kärendeçileri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň bugdaý hasylyny wagtynda, ýitgisiz ýygnap, ýokary netije gazandylar. Has takygy, 345 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaýy ýygnap, bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Güýz paslynyň ilkinji günlerinde geljek ýylyň hasyly üçin 170 müň gektar ýerde guramaçylykly bugdaý ekişi geçirilip, häzirki wagtda ondan kadaly gögeriş alyndy. Bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmäge çalyşýan kärendeçiler şu günler agrotehnikanyň talaplaryna görä ak ekiniň idegini ýetirýärler. Olar ýaş maýsalara göwnejaý ideg etmekde ýeterlik mukdarda mineral dökünler bilen iýmitlendirip, ösüş suwuny tutmakda yhlas-tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Iýmitlendiriş işlerini geçirmekde hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan alyp berýän kuwwatly tehnikalaryna daýanýarlar. Kadaly boý alýan bugdaý maýsalary daýhanyň buýsanjyny artdyrýar.