(Hekaýa)
— Hawa, balalarym — diýip, garry enemiz gürrüňe başlady: — Gudraty Güýçli Allatagala şeýle bir nur döredenmiş, ol nuruň zerrejigem düşen ýerinde ylla Gün şöhlesi ýaly ýagtylyk dörediji bir keramaty emele getirýärmişin. Gudraty Güýçli şol nurundan ilki How enemize paý beripdir. Zenan ähliniň mähirli bolmagam şondan gaýdan bolsa gerek. Çünki ilkibaşda paý alana köpräkden düşýär-dä. Ýer ýüzünde ýaşamaga höküm edilenleriň ählisine berlen şol nura «söýgi» diýip at goýupdyrlar. Ýer ýüzünde ýaşaýan janly-jandarlaryň söýgi paýyndan binesip galany ýokdur. Kimler çagasyny söýer, kimler ýaryny söýer. Watana bolan söýginiň serhedi ýok bolsa gerek. Ony diňe ýurduňdan aýra düşen çagyň bilersiň diýýärlerem weli... Aý, ýok, balalam, serediň, haýsyňyz şu oturan öýümizi, baglyga basyrynyp oturan obamyzy gowy göreňzok?! Birje günlük daýzalaryňyza gitseňizem: «Öýümizi göresimiz geldi, ene» diýýäňiz-ä! Ana, Watan, toprak söýgüsidir şo, balalam!