Ýazyjy bilen soňky söhbetdeşlik

4 Dekabr 2024
183

SURATDA: (çepden saga) Aşyr Mämmedow, Ýagmyr Welliýew, Aşyrberdi Kürt, Kaýum Taňrygulyýew we makalanyň awtory.

Maňa 1986—1989-njy ýyllarda halypa ýazyjymyz Aşyrberdi Kürt bilen öňki «Ýaş kommunist» gazetinde bile işleşmek miýesser edipdi. Döredijilikde halypanyň ýolundan ugurdaş gopup, degişmeli eserleri ýazýanym üçinmi, nämemi, onuň bilen düşünişip, ysnyşykly gatnaşdyk. Juda köp okap, köp bilýändigi üçin Aşyrberdi agany «janly ensiklopediýa» diýip atlandyrýardyk. Şonuň üçinem onuň gürrüňlerini wideoýazgysyna geçirmek hem-de gazet işgärleri bolup, onuň bilen surata düşmek niýetimiz bardy. Ýöne näçe haýyş etsemem, şol günler bu meselede halypany yryp bilmedim.

Öre DAŞGYNOW.