Göwünleri galkyndyran täze kitap

4 Dekabr 2024
132

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Hakyda göwheri” atly ajaýyp kitabyny halkymyza sowgat etdi. Türkmen hem iňlis dillerinde çap edilen, ýokary usuldaky bezegleri bilen ünsüňi ňzüne çekýän bu täze neşir biziňem sungat hem mugallymçylyk işimizde gymmatly gollanmalaryň sanyny artdyrdy.

Biz ýaş nesillere sungat ugrundan bilim berenimizde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen medeniýeti”, “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” we beýleki atalyk kitaplaryndan giňden peýdalanýarys. Çünki bu kitaplaryň her birinde milli medeniýetimiz, saz gurallarymyz hem-de halkymyzyň sungat derejesine ýetiren bagşyçylyk ýoly hakda gymmatly maglumatlar jemlenýär.

Esen MÄMMEDOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň müdiri.