Anyk wezipelerden ugur alynýar

4 Ýanwar 2021
1684

Geçen ýylyň 16-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda degişli ulgamlaryň öňünde möhüm wezipeleri kesgitledi. Döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, demokratik kadalary we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýän düzümleriň wekilleri berlen tabşyryklardan ugur alyp, eýýäm ýerlerde işlerini täzeçe guramaga girişdiler. Bular dogrusynda ýakynda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda iri jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň ýolbaşçylarynyň we işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda hem giňişleýin durlup geçildi. Maslahatda düzümleriň welaýat we etrap ýolbaşçylary il-ýurdumyzyň bähbitlerine amala aşyrylýan özgertmelere saldamly goşant goşmak, merdana halkymyzy döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak, jemgyýetde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmak boýunça meýilleşdirilen işleri barada çykyş etdiler.

Agamyrat  JUMAÝEW,