Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen, şol sanda abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugruna berk eýerýär. Şunuň bilen baglylykda, 29-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş saparyny amala aşyrmagy köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädimdir.