29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.