Dünýä içre ýene bir dünýä bar

29 Noýabr 2024
223

Mekdebimizde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen edebi agşamda hormatly Prezidentimiziň «Dünýä içre ýene bir dünýä bar, oňa Magtymguly Pyragynyň dünýäsi diýilýär. Dünýä kartasyndaky ummanlardan başga, adamzat aňynda ýene bir umman bar, oňa «Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» diýilýär» diýen sözleri belent ýaňlandy.

Edebi agşamda 2024-nji ýylyň tutuş türki dünýäde beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň ýyly hökmünde dabaralanýandygy hakynda buýsanç bilen gürrüň edildi. Magtymguly Pyragynyň diňe bir türkmeniň däl, eýsem, tutuş Gündogar halklarynyň arasynda meşhurdygy, umuman, tutuş Gündogaryň akyldar şahyrydygy, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bütin dünýäniň Magtymguly bilen tanyşlygynyň has çuňlaşýandygy hakynda giňişleýin aýdylyp geçildi. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda getirilen setirler bolsa edebi agşama gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Akyldar şahyrymyzyň doglan güni mynasybetli edilen işlere hem syn berildi. Mekdep okuwçylary ýakynda Aşgabatda geçirilen «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalda özbek we türkmen kinematograflarynyň surata düşüren «Magtymguly Pyragy» atly çeper filminiň ýokary baha mynasyp bolandygy, şahyryň eserleriniň öz ýurdumyzda we dünýä ýurtlarynyň birnäçesinde neşir edilendigi baradaky metbugat habarlary bilen tanyşdyryldy. Akyldar şahyryň Watan, ar-namys, mertlik-gahrymanlyk hakyndaky goşgulary hem diňlenildi.

Perman DURDYBAÝEW,
Çärjew etrabyndaky 46-njy orta mekdebiň mugallymy.