Toýo­ta­da «Hy­un­dai» çem­pi­on boldy

29 Noýabr 2024
179

Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­tyn­da möw­sü­miň iň soň­ky ýa­ry­şy, 13-nji bäs­le­şi­gi Ýa­po­ni­ýa­nyň To­ýo­ta şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. 21 tap­gyr­dan yba­rat 302,59 ki­lo­metr­lik ýa­ryş­da «Toyo­ta Ga­zoo» to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si El­fin Ewans ýe­ňi­ji bol­dy. Ol 3 sa­gat 24 mi­nut 41 se­kunt­da ýa­ry­şy ta­mam­lap, kar­ýe­ra­syn­da­ky 9-njy ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Ýa­ryş­da to­pa­ryň fran­suz sü­rü­ji­si Se­bas­ti­an Ožie 2-nji, «M-Sport Ford» to­pa­ry­nyň fran­si­ýa­ly pi­lo­ty Ad­ri­en Fur­mo 3-nji or­na my­na­syp bol­dy.

Ýa­ry­şy 6-njy orun­da ta­mam­lan bel­gi­ýa­ly Ti­er­ri Noý­will kar­ýe­ra­syn­da Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­ty­nyň çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. «Hy­un­dai Shell Mo­bis» to­pa­ry­nyň bel­gi­ýa­ly pi­lo­ty utu­gy­ny 242-ä ýe­tir­di we 15 ýyl­lyk WRC kar­ýe­ra­syn­da il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. To­ýo­ta şä­he­rin­de «Hýun­dai» to­pa­ry­nyň çem­pi­on bol­ma­gy aý­ra­tyn bel­lär­likli­dir. Şol bir wag­tyň özün­de «Hy­un­dai Shell Mo­bis» to­pa­ry «Toyo­ta Ga­zoo» to­pa­ry­nyň 5 ýyl­lyk çem­pi­on­ly­gy­ny hem soň­lan­dyr­dy. Şeý­le-de, 36 ýa­şyn­da­ky sü­rü­ji Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji bel­gi­ýa­ly pi­lot hök­mün­de ta­ry­ha gir­di. Ol Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on bo­lan 22-nji sü­rü­ji hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy.